HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady

Fewral 27, 2023 | 22:59 |2319
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  Haýro Dewid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  Haýro Dewid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.
Çeşme: Watan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dewid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Gwatemalanyň ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Alehandro Jammatteýiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan giň halkara hyzmatdaşlygy şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginini saklap gelýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Merkezi Amerika döwletleri bilen netijeli özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Gwatemalanyň ilçisi şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly ägirt uly özgertmeler, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki aýratyn ähmiýetli milli we halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Geljegi uly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gwatemalanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlyk iki döwletiň ykdysady ösüşine we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi. Munuň özi syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Haýro Dewid Estrada Barrios türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, ilçi hökmünde umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026