Russiýanyň türgenleri jiu-jitsu boýunça Aziýanyň birinjiligine gatnaşyp bilerler


Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň baş direktory Ýoahim Tumfart geljekde russiýaly türgenleriň jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşmak mümkinçiligini aradan aýyrmady.
«Russiýa biziň sportymyzyň görnüşinde çenden aşa güýçlidir. Olar dünýäniň çempionatlarynda hemişe ýeňijileriň üçlüginde bolýardylar» - diýip, ol beýan etdi, munuň Aziýanyň birinjiliginiň umumy sport hilini ýokarlandyrjakdygyny nygtady.
Ozal Aziýanyň Olimpiýa geňeşi (OCA) Russiýanyň we Belorussiýanyň Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy baradaky teklip bilen çykyş etdi.
Russiýanyň Küşt federasiýasy Halkara küşt federasiýasynyň Geňeşinden (FIDE) Ýewropanyň küşt birleşmesinden Aziýanyň küşt federasiýasyna geçmek üçin razyçylyk alandygyny belläp geçmelidiris. Geçiş prosesi AKF-nyň Yklym assambleýasynda tamamlanyp biler. Geçmek baradaky karary Aziýa federasiýasynyň sammitiniň wekiliýeti 28-nji fewralda kabul ederler.
ORIENT habarlar








