HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hepdäniň habarlary 20-26 fewral

Fewral 26, 2023 | 22:23 |2559
Fewral aýynyň bu hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildiFewral aýynyň bu hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi
Çeşme: Watan

Fewral aýynyň bu hepdesi halkara we içerki syýasy ähmiýetli birnäçe wakalar bilen bellenildi.

20 fewral - hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

21 fewral - hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn Patyşalygyna ugrady.

21 fewral - hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

22 fewral - Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

22 fewral - Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi.

22 fewral - Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al-Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi

23 fewral - Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

24 fewral - hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

24 fewral - ýurdumyzda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlaw möwsüminiň çäklerinde, dalaşgärleri hödürlemek işi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak işleri dowam edýär, ýakyn günlerde bolsa olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar.

25 fewral - türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

26 fewral - Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026