Aşgabatda ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-iňlis geňeşmeleri geçirildi


22-23-nji fewral aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Angliýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikinji "Gurluşlaýyn dialog" geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet-sahypasynda çap edilen press-relize görä, gepleşiklerde iňlis delegasiýasyna Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygynyň orunbasary Jastin Makenzi Smit ýolbaşçylyk edýär.
Britaniýaly diplomatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen duşuşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebit syýasaty, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we adam ölçegi ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem, gürrüň halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi barada boldy.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ministrleriň duşuşyklaryny goşmak bilen, dürli derejedäki yzygiderli saparlaryň we aragatnaşyklaryň möhüm roluny bellediler. Geňeşlere gatnaşyjylar parlament diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada ylalaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar Owganystandaky ýagdaý barada hempikir alyşdylar we terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen-iňlis söwda gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna göz aýlap, taraplar ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň göwrümini ýokarlandyrmak mümkinçiligi we bu ugurda mundan beýläkki ädimleri güýçlendirmek üçin Türkmen-iňlis söwda-senagat geňeşiniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak barada pikir alyşdylar (TUKTIC).
Duşuşyga gatnaşyjylar Londonda Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny guramak meselesine-de garadylar.
ORIENT news








