HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ermenistan medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekerler

Fewral 20, 2023 | 21:32 |4880
Ýerewandaky türkmen ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň ylym, bilim, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen bolan duşuşygynda medeniýet we sungat ulgamynda Türkmenistan bilen Ermenistanyň hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasynyň taslamasyna gol çekmäge taýýarlyk gozgalan meseleleriň birine öwrüldi.Ýerewandaky türkmen ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň ylym, bilim, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen bolan duşuşygynda medeniýet we sungat ulgamynda Türkmenistan bilen Ermenistanyň hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasynyň taslamasyna gol çekmäge taýýarlyk gozgalan meseleleriň birine öwrüldi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Ýerewandaky türkmen ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň ylym, bilim, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen bolan duşuşygynda medeniýet we sungat ulgamynda Türkmenistan bilen Ermenistanyň hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasynyň taslamasyna gol çekmäge taýýarlyk gozgalan meseleleriň birine öwrüldi.

Duşenbe güni 20-nji fewralda geçirilen duşuşygyň dowamynda, şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň Ermenistanda Medeiýet günlerini geçirmek meselesine garaldy. Ol 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Ermenistanyň Medeniýet günlerine jogapdyr.

1.jpg

Hususan-da, Aýazow şol günleriň çäklerinde 2024-nji ýylda 300 ýyllygy dabaraly belleniljek türkmen akyldar şahyry beýik Magtymguly Pyraga bagyşlanan maslahaty we konserti geçirmegi tekllip etdi.

Mundan başga-da, Žanna Andreasýan Türkmenistanyň türgenlerini Ermenistanyň sport toplumlarynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge çagyrdy.

Şeýle hem bilelikdäki ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalaryň esasynda ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ikitaraplaýyn taýýarlyk beýan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026