HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda gylyçlaşma boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy

Fewral 25, 2023 | 11:59 |8737
«Aşgabat» sport toplumynda kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda rapirada, gylyçda we şpagadagylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionatybaşlandy.«Aşgabat» sport toplumynda kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda rapirada, gylyçda we şpagadagylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionatybaşlandy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

«Aşgabat» sport toplumynda kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda rapirada, gylyçda we şpagada gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy.

Ýaryşy gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti ýurduň Gylyçlaşma boýunça federasiýasy bilen bilelikde çykyş etdiler – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň çempionatyna ýurduň ähli welaýatlaryndan 150 ýaş türgen gatnaşýar.

Ýaryşyň ilkinji gününde kadetleriň arasynda bäsdeşlik geçdi. «Gylyç» görnüşi boýunça oglanlaryň arasynda Natalýa Anikinanyň ýetişdirýän türgeni Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň okuwçysy Guwanç Gurdow öňdelegi eýeledi.

Şpagada çykyş edýänleriň arasynda Balkanabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Tatýana Ýermolaýewanyň ýolbaşçylygynda meşgullanýan balkanabatly Sergeý Torin birinji ýeri aldy. Kenarýaka sebitiniň ýene-de bir türgeni Çynar Goşungeldiýewa «rapira» görnüşinde çykyş edip, iň gowy netije görkezdi.

Ýaryşlar Halkara gylyçlaşma federasiýasynyň (FIE) düzgünlerine laýyklykda geçirilýär. Ýaryşyň netijeleri boýunça iň gowy netijeleri görkezjek gatnaşyjylara medallar we degişli sylaglar gowşurylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026