HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň gulluga täze kabul edilen gümrükçileri taýýarlyk okuwyna girişdiler

Fewral 25, 2023 | 09:53 |10478
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezinde ýurduň gümrük edaralarynyň gulluga täze kabul edilen işgärlerini başlangyç taýýarlamagyň şu ýyldaky ilkinji okuwy başlandy. Bu barada edaranyň resmi saýty habar berýär.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezinde ýurduň gümrük edaralarynyň gulluga täze kabul edilen işgärlerini başlangyç taýýarlamagyň şu ýyldaky ilkinji okuwy başlandy. Bu barada edaranyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezinde ýurduň gümrük edaralarynyň gulluga täze kabul edilen işgärlerini başlangyç taýýarlamagyň şu ýyldaky ilkinji okuwy başlandy. Bu barada edaranyň resmi saýty habar berýär.

Iki aýyň dowamynda 17 gümrükçi gümrük işi barada esasy bilime eýe bolarlar, işiň inçe syrlary bilen tanşarlar. Hususanda, gümrük gözegçiligini we düzgünlerini guramak babatynda, şeýle hem hukuk bozulmalara garşy göreşmäge degişli maglumatyň uly göwrümini özleşdirerler, gümrük tölegleri, statistika, ulanylýan maglumatlar tehnologiýalary babatynda habardarlygy ýokarlandyrarlar.

Her bir tematiki okuw tamamlanandan soňra, diňleýjiler aralyk synag testlerini geçerler, onuň netijeleri jemleýji synagda göz öňüne tutular.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň komissiýasynyň tamamlaýjy bilim barlagy işgäriň ýurduň gümrük edaralarynda işini dowam etdirjekdigini ýa-da etdirmejekdigini kesgitlerýär.

Başlangyç taýýarlyk okuwy haýsy bölümde gulluk etjekdigine garamazdan gümrük gullugynyň her bir täze işgäri üçin hökmany şert bolup durýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026