HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň döwlet sekretary Türkmenistanyň hökümetiniň wekili bilen Astanada gepleşikleri geçirer

Fewral 24, 2023 | 12:31 |11771
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar bilen barar. Bu barada Döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan penşenbe güni ýaýradylanýazmaça beýanatynda aýdylýar – diýip, TASS habar berýär.ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar bilen barar. Bu barada Döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan penşenbe güni ýaýradylanýazmaça beýanatynda aýdylýar – diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: news.sky.com

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar bilen barar. Bu barada Döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy tarapyndan penşenbe güni ýaýradylanýazmaça beýanatynda aýdylýar – diýip, TASS habar berýär.

Astanada Blinken С5+1 formatyndaky ministrler duşuşygyna gatnaşar, ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) ABŞ-nyň gatnaşyklarynyňköptaraplaýyn mehanizmidir.

Praýsyň sözlerine görä, duşuşyga gatnaşýan agza-ýurtlaryň «ykdysady, energetiki we ekologiki, şeýle hem howpsuzlyk babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlanar».

Blinken şeýle hem Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hökümetleriniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirer, onda «ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we umumy maksady öňe gidermegiň - gülläp ösýän, howpsuz we demokratiki sebiti» ara alyp maslahatlaşylar – diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, döwlet sekretaryny prezident Kasym-Žomart Tokaýew kabul eder we ol premýer-ministriň orunbasary – Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen gepleşikleri geçirer. Munuň Entoni Blinkeniň Gazagystana ilkinji resmi saparydygy anyklanylýar.

Soňra Döwlet departamentiniň ýolbaşçysy Daşkende ugrar, ol ýerde Özbegistanyň ýokary derejedäkiwezipeli adamlary bilen duşuşar. 1-nji martda Blinken Nýu-Delä uçar, ol ýigrimligiň Toparynyň ýurtlarynyň daşary ykdysady edaralarynyň baştutanlary bilen duşuşyga gatnaşar. Duşuşuk, Praýsyň bellemegine görä, «azyk we energetika howpsuzlygy babatynda köptaraplaýyn çemeleşme usulyny pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, durnukly ösüşe, neşe serişdelerine garşy göreşe, bütindünýä saglygy goraýyşa, ynsanperwerlik kömegine we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmeklige bagyşlanar».

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026