HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandaky ÝB diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli foto işleriň bäsleşigine badalga berýär

Fewral 24, 2023 | 17:01 |5688
Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy foto işleriň bäsleşigine badalga berýär.Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy foto işleriň bäsleşigine badalga berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy foto işleriň bäsleşigine badalga berýär.

Döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň islendik ýaşaýjysy, hünäri boýunça suratçy ýa-da höwesjeň suratçylar gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşýanlar türkmen halkynyň durmuşyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna, ýurduň taryhyna bagyşlanan fotoetýudlary tabşyrmaly.

Işleri 15-nji marta çenli aziza.rizayeva@eeas.europe.eu elektron salgysyna ugratmaly. Saýlanyp alnan dalaşgärler bilen ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri habarlaşarlar.

Iň gowy suratlar ÝB-i tarapyndan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýubileýine bagyşlanyp taýýarlanyljak Türkmenistandaky durmuş baradaky ýörite kitaba giriziler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026