Türkmen alymlarynyň barlagy grippiň görnüşleriniň biriniň ýurda nädip düşendigini görkezdi


Golaýda ýurtda ilkinji gezek grippiň wirusynyň üstünlikli sekwenirleme tejribesini geçiren türkmen alymlary, möwsümleýin A grippiň patogenleriniň (Р3N2) Türkmenistana Russiýadan, Gazagystandan ýa-da Gyrgyzstandan düşendigini ýüze çykardylar.
Ylmy-barlaglaryň netijeleri barada Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkeziniň başlygy Aşyrmyrat Gylyjow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti üçin söhbetdeşliginde gürrüň berdi.
Barlaglar ýüze çykarylan ştamlaryň oseltamiwir, fawipirawir we baloksawir dermanlaryna duýgurdygyny, ýöne rimantadine az duýgurdygyny ýüze çykardy.
Geçirilen tejribede maslahatçy hökmünde A. Smorodinsewa adyndaky grippiň YBI-nyň bilermeni Artýom Fadeýewiň çykyş edendigi habar berilýär.
Nusgalar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldawy bilen getirilen Fisher Scientific kompaniýasynyň täze nesliniň sekwenatorlary Ion S5 we Ion Chef goşmaça enjamynda synag edildi.
Laboratoriýa synaglarynyň barşynda alnan maglumatlar dünýäde grippiň genomlary barada iň uly çeşme bolan GISAID (gripp barada maglumatlary alyşmak boýunça Bütindünýä başlangyjy) ylmy maglumatlarynyň binýadyna goşuldy.
ORIENT habarlar








