HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň agza döwletleriniň XV Halkara ykdysady forumy martda Moskwada geçiriler

Fewral 24, 2023 | 11:15 |6156
2023-nji ýylyň 17-nji martynda Moskwada GDA agza-döwletleriň «Integrasiýalaryň dialogy: GDA, EAES, ŞOS, BRIKS» XV halkara ykdysady forumy geçiriler.2023-nji ýylyň 17-nji martynda Moskwada GDA agza-döwletleriň «Integrasiýalaryň dialogy: GDA, EAES, ŞOS, BRIKS» XV halkara ykdysady forumy geçiriler.
Çeşme: cis.minsk.by

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Moskwada GDA agza-döwletleriň «Integrasiýalaryň dialogy: GDA, EAES, ŞOS, BRIKS» XV halkara ykdysady forumy geçiriler.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi bilen birwagtda bolup geçjek çäre Arkalaşygyň ykdysady ösüşi üçin bilelikdäki kararlaryň işlenip düzülmegine we kabul edilmegine, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir.

Forum açyk dialog üçin ykdysady ösüş, maliýe, senagat we söwda ministrlikleriniň işgärleriniň wekillerini, häkimiýet edaralarynyň, bank jemgyýetçiliginiň wekillerini, şeýle hem GDA ýurtlarynyň telekeçilerini bir meýdançada ýygnar.

Forumyň maksatnamasy tematiki bölümleri, maliýe, senagat, saglygy goraýyş, ulag, «ýaşyl ykdysadyýetiň» we ş.m. meseleleri boýunça tegelek stollary öz içine alýar. Çäräniň çäklerinde Forumyň gatnaşyjylarynyň taslamalarynyň sergisi geçirilip, onda «GDA işewürliginiň lideri» hormat belgisi bilen sylaglama dabarasy bolar.

Forum «GDA-nyň ykdysady ösüşiniň Işewürler merkezi» birleşmesi tarapyndan Arkalaşygyň ýerine ýetiriji komitetiniň goldaw bermeginde gurnalar. Goşmaça maglumat bilen Forumyň saýtynda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026