USAID tarapyndan Türkmenistanda gyzlar üçin IT boýunça ilkinji DigiWomen Camp maksatnamasyna badalga berildi


23-nji fewralda USAID tarapyndan Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik-gurşawy ösdürmek baradaky taslamasy bolan Türkmenistandaky ilkinji DigiWomen Camp maksatnamasyna badalga berildi, ol maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça gyzlar we zenanlar üçin işe ýerleşmegiň täze mümkinçiliklerini döretmäge niýetlenendir.
Dört aýlyk maksatnama 100-den gowrak gyzlara we zenanlara web-işläp düzme, ykjam goşundylary işläp düzme, Python dilinde bekend-işläp düzmeleri we IT-önüminiň dizaýny babatynda programmirleme başarnyklaryny edinmek üçin ajaýyp mümkinçilik berer. Bu başarnyklary Türkmenabatdan, Marydan, Daşoguzdan, Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan bolan gatnaşyjylara baharyň soňuna çenli dowam etjek «IT Akademiýa» tapgyrynyň çäklerinde öwrederler.
Zenanlara şeýle hem bütin dünýä belli Hewlett Packard kompaniýasyndan onlaýn-düzgünde ýörite berilýän HP LIFE tölegsiz okuw modeliniň üsti bilen işewürlik-başarnyklaryny özleşdirmek teklip ediler. 32 okuw modulyndan ybarat bolan bu tapgyr «Işewürlik-aragatnaşyk», «Nädip kiçi işe başlamaly», «Dizaýn-pikirlenme», «Maliýäniň esaslary» we başga-da köp temalar girýär.
DigiWomen Camp maksatnamasynyň wezipeleriniň biri zenanlaryň işe ýerleşmegi üçin täze mümkinçilikleriň tapylmagy bolanlygy üçin, gatnaşyjylara IT boýunça frilans-hyzmatlary hödürlemek boýunça halkara bilermenden ýörite sapaklar teklip ediler.
Ýöne gatnaşyjylar IT-önümini işläp düzmek arkaly öz hususy işiňi döretmegiň ýoluny hem saýlap bilerler. Bu ýolda olara höweslendirme hökmünde hakatonyň geçirilmegi, ýagny DigiWomen Camp maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň arasynda IT-startap taslamalaryň toparlaýyn bäsleşigi bolup biler.
Iň üstünlikli startap-telekeçiler ýene-de bir bütin dünýä belli kompaniýa Plug and Play-den halkara akselerasion maksatnama gatnaşyp, öz telekeçik işlerini mundan beýläk-de güýçlendirmäge mümkinçilik alarlar.

Dört aýlyk «lageri» gibrid formatynda açmak bilen, Türkmenabatdan ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze maksatnamanyň ähli saýlanyp alnan gatnaşyjylaryna öz mümkinçiliklerine ynanmaga we özleriniň iň güýçli meýilnamalaryny, şol sanda frilans üçin özleriniň ilkinji sargydyny almak ýa-da ýene dört aýdan özleriniň IT işewürligini satyn almak meýilnamalaryny çekinmezden ýerine ýetirmäge girişmäge çagyrdy.
Maksatnama USAID-iň Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik-gurşawy ösdürmek baradaky taslamasy tarapyndan ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy, HP kompaniýasynyň Gazagystandaky wekilhanasy we «Sanly Bilim» atly bilim merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.
ORIENT habarlar








