Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi RT telekompaniýasy bilen gepleşikleri geçirdi


Türkmenistanyň halkara habarlar merkezinde (HHM) Russia Today halkara teleýaýlymynyň işgärleri bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. HHM-niň ýolbaşçylaryndan başga-da, türkmen tarapyndan gepleşiklere DIM-niň wekilleri gatnaşdylar, beýleki tarapdan bolsa Russia Today-iň halkara hyzmatdaşlygy gullugynyň uly prodýuseri Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň bölüminiň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideoagentliginiň baş-prodýuseri Mariýa Antonenko we Ruptly-nyň sebitleýin teleradioýaýlymlar bilen işlemek boýunça prodýuseri Wartan Haçaturýan gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti kärdeşlerine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde döredilen Türkmenistanyň HHM-niň esasy maksatlary, işleri hem-de wezipeleri, şol sanda halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak we daşary ýurtly hyzmatdaşlar toruny giňeltmek üçin öňde durýan wezipeler barada maglumat berdiler.
Gepleşiklerde RT we Ruptly bilen kontent alyşmagy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge taýýarlyk barada gürrüň edildi, özi-de, taýýar sýužetleri we materiallary bermekden başga-da, Türkmenistanda ýörite Ruptly üçin reportažlyk ýazgylary geçirmegiň mümkinçiligine garaldy. RT Doc-yň – RT torunyň dokumental teleýaýlymy ugry boýunça bilelikdäki taslamalar babatda hem gyzykly mümkinçilikler bar.
RT teleýaýlymynyň Moskwadaky edarasyna bolşy ýaly, GDA ýurtlaryna hem baryp görmek arkaly žurnalistler üçin hünär kämilleşdiriş maksatnamalary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynda we Türkmenistranda bolup geçýän möhüm çäreleri beýan etmek boýunça has ýakyndan gatnaşyk etmek barada ylalaşyldy. Türkmenistanda RT-niň we Ruptly-nyň habarçylaryny akkreditasiýa etmek meselelerine deglip geçildi.
ORIENT news








