HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky maliýe hasabatlygynyň iň döwrebap ölçegini ulanýar

Fewral 24, 2023 | 12:00 |15219
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky maliýe hasabatlygynyň iň döwrebap ölçegini – MSFO 9 «Maliýe gurallaryny» ulanýar.Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky maliýe hasabatlygynyň iň döwrebap ölçegini – MSFO 9 «Maliýe gurallaryny» ulanýar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky maliýe hasabatlygynyň iň döwrebap ölçegini – MSFO 9 «Maliýe gurallaryny» ulanýar.

Ölçeg MSFO 9 buhgalterçilik hasaba alnyşyň Halkara ölçegler boýunça Geňeşi tarapyndan 2014-nji ýylda çap edildi we 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi. Ol maliýe aktiwleri we maliýe borçnamalary babatynda maliýe hasabatlygyny taýýarlamagyň we tabşyrmagyň tertibini, ykrar etmek we bahalandyrma, hümmetsizlenme, garaşylýan karz zyýanlaryny ykrar etmegiň düzgünlerine bolan talaplary kesgitleýär.

MSFO 9 maliýe gurallarynyň klassifikasiýasyna düzedişleriň girizlmegini talap etmeýär. Maliýe gurallarynyň iň köp sany bolan banklar her bir bar bolan guralyň klassifikasiýasynyň üýtgedilendigini, eger-de üýtgedilen bolsa haýsy usulda edilendigine baha berýär.

MSFO 9-ň öňki ölçeglerden ýene-de bir tapawudy garaşylýan karz ýitgileriniň esasynda maliýe aktiwleriniň hümmetsizlenmegi üçin ätiýaçlygy döretmek zerurlygydyr. Munuň üçin maliýe aktiwleri üçin çekilen zyýanyň (incurred loss) modeliniň ýerine garaşylýan zyýan (expected loss) modeli ulanylýar. Ol wakalara esaslanan maliýe aktiwleriniň hümmetsizlenmeginiň bahalandyrmasyny göz öňüne tutýar, diňe bir eýýäm bolup geçen ýa-da häzir bolýan däl-de, şol sanda geljekdäki şertleriň çaklamasy, şol sanda makroykdysady häsiýetdäkini göz öňünde tutýar.

Maliýe hasabatlygynyň häzirki zaman ölçegine geçmek başlangyjy Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we BMGÖM-nyň «Bank pudagyndaky işewürligi alyp barmagyň we sanly özgerişlere goldaw» atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde ýerine ýetirildi, ol bankyň innowasion işewürlik-modeli işläp taýýarlamakda we sanly özgermesinde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.

Taslamanyň çäklerinde PricewaterhouseCoopers kompaniýasy bankyň içerki hukuk resminamalaryny göz öňünde tutup, usulyýet maslahatlaryň birnäçesini berdi. Munuň netijseinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2019-njy ýylyň maliýe hasabatlygyny MSFO 9 laýyklykda taýýarlady. Maliýe hasabatlygynyň halkara ölçeglerini (MSFO) bank 2012-nji ýyldan bäri ulanyp gelýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026