Türkmenistanda maýyl, ýöne ýagyşly hepdäniň bolmagyna garaşylýar


Türkmenistanda şu hepde bahar howasy ýaly maýyl we ýagyşly howa bolar. Sişenbe gününden başlap, ýurtda howa, esasan, bulutly bolar we wagtal-wagtal ýagyş ýagar - diýip, Türkmenistanyň gidrometeorologiýa gullugy habar berýär.
Howanyň temperaturasy fewral aýynyň ortalary üçin howa kadasyna ýakyn bolar. Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda howanyň temperaturasy gije 0...-5 gradusdan +3...+8 gradus aralygynda bolar. Gündizine howa +12...+17 gradusa çenli ýylar. Aşgabatda-da, takmynan şular ýaly howa bolar.
Ýurduň demirgazygynda has salkyn howanyň bolmagyna garaşylýar, howanyň temperaturasy gije -3 gradysdan -8 gradusa çenli sowuk, gündizlerine bolsa +12 gradusa çenli ýyly bolar. Gar gatyşykly ýagyşyň bolmagy çak edilýär.
ORIENT news








