Çehiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy


Duşenbe güni Waslaw Ýileka – Çehiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (kabulhanasy Daşkentde) Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewe ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Ol çehiýaly diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlap, täze wezipede işnde üstünlikleri arzuw etdi diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda ýerleşdirilen metbugat beýanatynda aýdylýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda türkmen-çehiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem diplomatlar halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde ýurtlaryň özara gatnaşyklaryna garadylar. Hususan-da, parahatçylykly başlangyçlary özara goldamak bilen birlikde, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.
Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasynda dürli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.
Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda ýola goýuldy.
ORIENT news








