HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa 2022-nji ýylda tebigy gazyň eksportyny dörtden bir bölek azaltdy we STG-iň iberilişini artdyrdy

Fewral 14, 2023 | 08:41 |3898
Russiýa 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça gazyň çykarylyşyny 673,8 mlrd.kub metre çenli, eksporty – 25,1%, 184,4 mlrd.kub metre çenli azaltdy. Bu barada RF-nyň wise-premýeri Aleksandr Nowak “Energetiçeskaýa politika” žurnaly üçin ýazan makalasynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.Russiýa 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça gazyň çykarylyşyny 673,8 mlrd.kub metre çenli, eksporty – 25,1%, 184,4 mlrd.kub metre çenli azaltdy. Bu barada RF-nyň wise-premýeri Aleksandr Nowak “Energetiçeskaýa politika” žurnaly üçin ýazan makalasynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Çeşme: rian.ru

Russiýa 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça gazyň çykarylyşyny 673,8 mlrd.kub metre çenli, eksporty – 25,1%, 184,4 mlrd.kub metre çenli azaltdy. Bu barada RF-nyň wise-premýeri Aleksandr Nowak “Energetiçeskaýa politika” žurnaly üçin ýazan makalasynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.

2021-nji ýylda Russiýada gazyň çykarylyşy 762,8 mlrd kum metre deň boldy, şeýlelikde, peseleşiň derejesi 11,66% barabar boldy. Nowagyň sözlerine görä, çykarmagyň we eksportyň aşak düşmegi Ýewropa ýurtlarynyň rus gazyny almakdan ýüz öwürmekleri hem-de “Demirgazyk akym – 1” we “Demirgazyk akym – 2” gaz geçirijilerinde diwersiýalaryň guralmagy bilen baglanyşyklydyr.

Nowak ýurduň gaz känleriniň meýilleşdirilen ulanylyşa berilmegini dowam edýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. “Şol bir wagtda-da ýylyň dowamynda gazyň HHR-ne iberilmegi işjeň artdyryldy. “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi boýunça rus gazynyň bir gije-gündizdäki iberilişiniň möçberleri birnäçe gezek artdyrylyp täzelendi. Netijede, “Sibiriň güýji” boýunça Hytaýa gazyň iberilişi 48% artdy we häzire çenli iberilen möçberlerdäkiden iň ýokary derejä – 15,4 mlrd.kub metre ýetdi” diýip, ol aýtdy.

Wise-premýer ýurduň suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) önümçiligini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, geçen ýyl STG-niň eksporty 7,9% köpeldi hem-de 45,7 mlrd.kub metre ýetdi. “Gazyň dünýä bazary ýokary derejede ählumumy häsiýete eýe bolýar, şoňa görä-de, geljekde ykjamlygy nukdaýnazaryndan suwuklandyrylan gaza has-da uly isleg bildiriler” diýip, Nowak nygtady.

Ol şeýle hem Russiýanyň pudagy tehnologik taýdan ösdürmegiň, ilkinji nobatda – suwuklandyrylan gazyň toplumlaryny döretmegiň üstünde işleýändigini düşündirdi. Şu maksatlar üçin 1 mlrd. rubl bölünip berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026