HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa açyk çempionatynda türkmen dzýudoçysy bürünç medala mynasyp boldy

Fewral 14, 2023 | 07:48 |15534
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň dzýudoçysy Hekim Agamämmedow 11-12-nji fewral aralygynda Sofiýada (Bolgariýa) geçirilen dzýudo boýunça  Ýewropa açyk çempionatynda (European Open) 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň dzýudoçysy Hekim Agamämmedow 11-12-nji fewral aralygynda Sofiýada (Bolgariýa) geçirilen dzýudo boýunça  Ýewropa açyk çempionatynda (European Open) 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň dzýudoçysy Hekim Agamämmedow 11-12-nji fewral aralygynda Sofiýada (Bolgariýa) geçirilen dzýudo boýunça Ýewropa açyk çempionatynda (European Open) 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň dzýudo federasiýasynda ORIENT-e habar berlişi ýaly, deslapky ýaryşlarda Hekim Agamämmedow Gazagystandan Dastan Şaýahmetow we ispaniýaly Sotillo Gomez bilen tutluşyp, ýeňiş gazandy.

Ýaryşyň indiki tapgyrynda türkmen dzýudoçysy italiýaly Sagiano Lukadan ýeňilip, synag tutluşyklary tapgyryna çykdy.

Olarda Hekim Agamämmedow bolgariýaly Baýan Ýotowdan we britaniýaly Çarli Ýangdan has güýçlüdigini subut etdi we, şeýlelik bilen, çempionatyň bürünç medalyna eýe boldy.

2.jpg

66 kilograma çenli agram derejesinde çempionatyň altyn medaly ukrain dzýudoçysy Mikita Holoborodko gowşuryldy. Ikinji orny Gazagystanyň wekili Gumar Gyrgyzbaýew eýeledi. Hekim Agamämmedowdan başga-da üçünji orny ermenistanly Artem Halaçýan eýeledi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Hekim Agamämmedow Awstriýada geçirilen dzýudo boýunça dünýä çempionatynda 66 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy.

Ýewropa açyk çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 18 dzýudoçy wekilçilik etdi. Oňa 43 ýurtdan jemi dört ýüz töweregi türgen gatnaşdy.

Artur Petrosýans

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026