HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar öýkenleri dümewden we koronawirusdan goramak üçin "göze görünmeýän” agyz-burun örtügini döretdiler

Fewral 13, 2023 | 20:00 |5265
Gorag serişdesi öýkenleri dümewden we koronawirusdan goramaga gönükdirilen ingalýator bolup,  Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň hünärmenleriniň bu oýlap tapmasy agyz-burun örtügini ulanyp bolmaýan halatynda onuň ornuny çalyşmaga kömek eder – diýip,  “Nature Materials” žurnalynda habar berilýär.Gorag serişdesi öýkenleri dümewden we koronawirusdan goramaga gönükdirilen ingalýator bolup,  Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň hünärmenleriniň bu oýlap tapmasy agyz-burun örtügini ulanyp bolmaýan halatynda onuň ornuny çalyşmaga kömek eder – diýip,  “Nature Materials” žurnalynda habar berilýär.
Çeşme: 65ymas.com

Gorag serişdesi öýkenleri dümewden we koronawirusdan goramaga gönükdirilen ingalýator bolup, Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň hünärmenleriniň bu oýlap tapmasy agyz-burun örtügini ulanyp bolmaýan halatynda onuň ornuny çalyşmaga kömek eder – diýip, “Nature Materials” žurnalynda habar berilýär.

Alymlaryň täze açyşy dem almak üçin niýetlenen ýörite toz bolup, ol sferik gidrogel bolan želatinden we akril kislotasyndan ybaratdyr we öýkeniň tebigy örtügi bilen birleşende, oňa patogenleriň aralaşmagynyň öňüni alýan gorag gatlagyny döredýär.

Synaglarda örtük ýokary derejedäki gorag ukybyny görkezdi - sanjymdan soň, onuň täsiri bir gije-gündize çenli saklandy. Iň aýdyň netijelilik ilkinji sekiz sagatda ýüze çykaryldy. Ingalýatoryň gaýtadan ulanylmagy dem alyş ýollaryna zyýan ýetirmeýär. Bu madda 48 sagatdan soň bedenden doly çykarylýar.

Taslamanyň awtorlarynyň pikiriçe, täze açyş "göze görünmeýän örtük" hökmünde, adaty şahsy gorag çäreleri bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykan adamlar üçin örän amatly. Mysal üçin, sport bilen meşgullanýan wagtynda ýa-da köpçülik ýerlerinde naharlanýan pursatlary amatly gorag bolup hyzmat eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026