HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen azyk önümleriniň Russiýa eksport edilmegi 90% artdy – Blohin

Fewral 23, 2023 | 12:17 |8685
Türkmenistan Russiýa dokma önümleriniň eksportyny 50%, azyk önümleriniňkini bolsa 90% artdyrdy, bu iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini görkezýär. Bu barada RF-nyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda aýdylýar.Türkmenistan Russiýa dokma önümleriniň eksportyny 50%, azyk önümleriniňkini bolsa 90% artdyrdy, bu iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini görkezýär. Bu barada RF-nyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda aýdylýar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistan Russiýa dokma önümleriniň eksportyny 50%, azyk önümleriniňkini bolsa 90% artdyrdy, bu iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini görkezýär. Bu barada RF-nyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda aýdylýar.

Russiýanyň diplomatik korpusynyň baştutanynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda 360-dan gowrak ylalaşyk bilen berkidilendir we strategiki häsiýete eýedir.

Blohin energetikadaky, oba hojalygyndaky, senagatdaky, IT we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhümdigini belledi. Russiýanyň COVID-19 garşy sanjymlary ilkinji gezek Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, Türkmenistanyň ilatynyň immunizasiýasyny üstünlikli geçirdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy meselelerine degip geçmek bilen, ilçi Türkmenistanyň halkara ulag geçelgeleriniň çäklerindäki ulagdaky we logistikadaky ornunyň geljeginiň uludygyny nygtady, şeýle hem RF-nyň özi we onuň subýektleri – Tatarystan Respublikasy, Çelýabinsk we Astrahan oblastlary bilen berk özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň geljeginiň ulydygyny nygtady.

Türkmenistanda «Gazprom», «KamAZ», «Tatneft», «Wozroždeniýe» ýaly Russiýanyň kompaniýalary üstünlikli işleýärler.

Medeni-bilim hyzmatdaşlygy barada ilçi Türkmen-rus uniwersitetini açmagyň, A.S. Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň täze binasynyň gurluşygynyň we bilelikdäki umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň täze binasynyň taslamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp geçdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda 70-den gowrak mekdeplerde rus dilinde okadylýan synplar bar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026