Turkish Airlines kompaniýasynyň Türkmenistandaky agenti bonus maksatnamasyna birikmäge çagyrýar


Turkish Airlines kompaniýasynyň Türkmenistandaky awtorizirlenen agenti Hoş syýahat Miles&Smiles bonus maksatnamasyndan peýdalanmaga çagyrýar, ol Türkiýäniň uçar kompaniýasynyň uçary bilen ýolagçylara uly rahatlyk bilen uçmaga mümkinçilik berýär.
Miles&Smiles arkaly müşderiler biletleri tölegsiz alyp bilerler, howa menzillerindäki garaşmalarda VIP garaşma zalyndan peýdalanyp bilerler, agramy boýunça limitden geçýän goşlaryny geçirip bilýärler, biznes-klas arkaly uçup bilýerler we başga-da köp zatlar.
Bonus ulgamy syýahat edeniňde milleriň toplanmagyny göz öňünde tutýar. Ýagny siz Turkish Airlines uçary bilen näçe köp uçdugyňyzça, şonça-da köp mil toplaýaňyz we toplanan miller üçin artykmaçlyk alýaňyz. Şeýle hem milleri çalşyp bolýar, meselem, uçar kompaniýasynyň biletine çalyşmak bolýar, ýa-da onuň hyzmatdaşlarynyňka çalyşmak bolýar ýa-da hatda onlaýn-marketlerdäki harytlara hem çalyşmak bolýar.
Şeýle hem Turkish Airlines kompaniýanyň hyzmatdaş-banklary bilen eden hyzmatdaşlygyňyz üçin, belli bir myhmanhanada ýer sargyt edeniňiz we awtoulagy kärendesine alandygyňyz üçin mil berlip bilner.

Miles&Smiles maksatnamasynyň gatnaşyjysy bolmak üçin Turkish Airlines saýtynda ýörite şahsy hasap açmaly. Muny dogry etmäge müşderilere Hoş syýahat -da kömek ederler. Mundan başga-da, syýahatçylyk agentligi eger-de Miles&Smiles hasabyny gaýtadan dikeltmeli bolsa, mysal üçin eger siz hasaba alnan wagtyňyzda ulanan parolyňyzy ýa-da poçta salgyňyzy ýatdan çykaran bolsaňyz, size kömek eder.
Miles&Smiles maksatnamasyna gatnaşyjylar ajaýyp şahsy belgi alýarlar we wirtual karta berilýär, ol dört görnüşe bölünýär — Classic, Classic+, Elite we Elite+. Kartanyň derejesi ýokary boldugyça, ýolagça şonça köp artykmaçlyk elýeterli bolýar. Meselem, Elite kartynyň eýeleri ýörite bölünip berlen girelge arkaly howa menziline girip bilýärler we pasport barlagyndan geçende aýratyn stoldan peýdalanyp bilýärler, şeýle hem uçaryň salonynda ýerleri tölegsiz saýlap alyp bilýärler.

«Turkish Airlines Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär we iň ýokary derejedäki hyzmatlary görkezýän ynamly uçar kompaniýasy hökmünde özüni tanatdy. Şol sebäpli biz öz müşderilerimizi syýahat wagtynda iň gowy peýda we rahatlykdan peýdalanmak üçin Miles&Smiles maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Hoş syýahat HJ-niň direktorynyň orunbasary Sähra Amanowa aýtdy.
6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen ýer titremä garamazdan, ýurt öňkisi ýaly syýahatçylary kabul edýär, respublikanyň esasy şypahana şäherleri tebigy betbagtçylykdan ejir çekmedi. Daşary ýurtlylar şypahana ýerlerine we gözel ýerlerine baryp görmek üçin Turkish Airlines kompaniýasynyň uçarlaryndan peýdalanyp bilerler.
Hoş syýahat syýahatçylyk agentligine ýüz tutup, Türkmenistanyň ýaşaýjylary diňe bir Türkiýä däl, eýsem dünýäniň başga-da köp ýurtlaryna biletleri satyn alyp bilerler. Meselem, Aşgabat-Stambul-London/Nýu-Ýork/Sidneý we başga ugurlar boýunça syýahata ugramak bolar. Turkish Аirlines kompaniýasynyň Türkmenistandaky awtorizirlenen agenti şeýle hem müşderilere özlerini tolgundyrýan meseleler boýunça maslahatlary berip, syýahaty meýilleşdirmekde hem kömek etmäge taýýardyr.
ORIENT habarlar








