Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al-Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi


Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.
Duşuşygyň öňisyrasynda belent mertebeli myhman üçin Bahreýniň Ykdysady ösüşiniň geňeşi we onuň işiniň aýratynlyklary barada maglumat berýän tanyşdyrylyş çäresi guraldy.
Soňra Hormatly Prezidentimiz Geňeşiň işi hem-de onuň esasy wezipeleri, Bahreýniň ykdysady strategiýasyny işläp taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek üçin döredilýän şertler barada gürrüň berýän wideoşekilleri bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Geňeşiň ýolbaşçysyna çuň mazmunly tanyşdyryş çäresi üçin Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al-Halifa hem-de Geňeşiň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Bahreýn we onuň işewürler toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
Bahreýn tarapynyň adyndan hem ägirt uly kuwwata eýe bolan hem-de özüni jogapkärli işewür hökmünde görkezen ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.
Soňra “Al-Gudaýbiýýa” köşgünde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdi. Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde ynsanperwer-medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny, şeýle hem Mirasdüşer Şazada, Bahreýniň Premýer-ministrini Türkmenistana ýakyn wagtda gelmäge çagyrdy.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.
Gol çekişlik tamamlanandan soňra Bahreýn Patyşasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyny –Şeýh Isa Bin Salman Al-Halifa adyndaky birinji derejeli ordenyny gowşurdy.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň “Safiriýýa” köşgünde ugrady Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al-Halif bilen duşudy.
Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanda we Bahreýnde atçylygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Patyşa Hamad bin Isa Al-Halifa hormatly Prezidentimizi köşgüň çäginde ýerleşen atçylyk sport meýdançasyna çagyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi, şeýle hem syratly ahalteke bedewi sowgat berildi.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Milli muzeýine baryp gördi.
Hormatly Prezidentimiz Bahreýn tarapynyň wekilleri bilen bilelikde muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow muzeýiň gymmatlyklary bilen uly gyzyklanma bilen tanşyp, Bahreýn tarapynyň wekillerine çuň manyly tanyşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Belent mertebeli myhmana Bahreýniň Milli muzeýiniň adyndan ýadygärlik sowgady--bahreýn halkynyň taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän kitap gowşurylýar.
Ýurdumyzyň adyndan muzeýe ajaýyp türkmen halysy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaby sowgat berildi.








