HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogana gynanç bildirdi

Fewral 11, 2023 | 01:45 |13979
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy – Ogulgerek Berdimuhamedowa 10-njy fewralda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkiýe Republikasynyň prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogana tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlygny beýan etdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy – Ogulgerek Berdimuhamedowa 10-njy fewralda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkiýe Republikasynyň prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogana tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlygny beýan etdi.
Çeşme: ajanshaber.com.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy – Ogulgerek Berdimuhamedowa 10-njy fewralda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkiýe Republikasynyň prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogana tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlygny beýan etdi.

Ol öz maşgalasynyň, ýurduň prezidentiniň, eneleriň hem-de ähli türkmen halkynyň adyndan Emine Ärdogana tüýs ýürekden gynanç sözlerini ýetirdi hem-de Beýik Alladan şehit bolanlaryň ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Ogulgerek Berdimuhamedowa ýanýoldaşynyň, öz oglunyň we ähli türkmen halkynyň adyndan doganlyk türk halky üçin ynsanperwer kömegiň, şol sanda çagalara niýetlenen gyşky egin-eşikleriň iberilendigini belledi hem-de şu agyr pursatda Türkmenistanyň islendik goldawy bermäge mundan beýläk-de taýýardygny nygtady.

Emine Ärdogan Türkiýäniň halkynyň adyndan we hut öz adyndan gynanç we goldaw berýän sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özleri üçin çylşyrymly döwürde kömek goluny uzadyp duýgudaşlyk bildirmegiň türk halkynyň ruhuny galdyrmakda möhümdigini nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026