Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy daşary ýurt pasportynyň taýýarlygyny barlamak üçin onlaýn hyzmaty ýola goýdy


Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminde berilýän daşary ýurt pasportynyň taýýarlygyny uzakdan barlamaga mümkinçilik berýän täze onlaýn hyzmat Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynda ýola goýuldty. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanaly habar berýär.
Russiýanyň raýatlary mundan beýläk biometrik pasportyň taýýarlygyny onlaýn barlap bilerler. “Pasport berilmäge taýyn” statusy ýüze çykandan soň, ony almak üçin konsullyk bölümine ýüz tutmak bolar.
Pasport barada maglumatlary yzarlamak üçin arzanyň belgisi resminamalaryň tabşyrylandygy baradaky kepilnamada görkezilendir. Russiýanyň biometrik pasportynyň möhleti 10 ýyl.
Taýýar daşary ýurt pasportlaryny bermek duşenbe, çarşenbe we anna günleri 14:00-dan 16:00-a çenli amala aşyrylýar.
ORIENT news








