HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen suwuklandyrylan gazy Garagalpagystanyň ýaşaýjylarynyň arasynda mugt paýlanýar

Fewral 20, 2023 | 23:58 |8078
Özbegistan Türkmenistandan muzdsuz iberilen suwuklandyrylan gazy üpjünçiligi pes maşgalalara paýlap başlady. Bu barada «Худудгазътаъминот»  kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «Газете.uz» neşiri habar berýär.Özbegistan Türkmenistandan muzdsuz iberilen suwuklandyrylan gazy üpjünçiligi pes maşgalalara paýlap başlady. Bu barada «Худудгазътаъминот»  kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «Газете.uz» neşiri habar berýär.
Çeşme: "Hududgaztaminot"

Özbegistan Türkmenistandan muzdsuz iberilen suwuklandyrylan gazy üpjünçiligi pes maşgalalara paýlap başlady. Bu barada «Худудгазътаъминот» kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «Газете.uz» neşiri habar berýär.

Suwuklandyrylan gazly demir ýol wagonlary eýýäm Özbegistana geldi. Ýangyç Garagalpagystanyň pes girdejili ýaşaýjylarynyň arasynda paýlanýar.

1.jpg

Kompaniýanyň metbugat gullugynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2000 tonna suwuklandyrylan gaz iberdi. Onuň 1000 tonnasyny Garagalpagystanyň ýaşaýjylarynyň arasynda, 1000 tonnasyny - Horezm welaýatynda paýlamak meýilleşdirilýär.

Özbegistanyň Energetika ministrligi ozal suwuklandyrylan gazyň mätäç maşgalalaryň arasynda mugt paýlanjakdygyny habar berdi.

2.jpg

Fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow suwuklandyrylan gazy Özbegistana muzdsuz bermek barada karara gol çekdi.

8-nji fewralda, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Özbegistan tarapy Aşgabat şäherine 20 sany “Volkswagen Caddy” tiz kömek ulagyny iberdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026