Ýaponiýanyň Tendo şäheri Arkadag şäheri bilen doganlaşyp biler


Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre duşenbe güni Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy we Tendo şäher häkimligi bilen bilelikde geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistnyň ilçisi Atadurdy Baýramow ýerli dolandyryş merkezini ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we akylly we ýaşyl tehnologiýalara oriýentirlenen ýurduň Ahal welaýatynda durmuşa geçirilýän bu ägirt uly taslamanyň esasy aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berdi.
Çäräniň çäginde Atadurdy Baýramow Tendo şäheriniň häkimi Şinji Ýamamoto bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet sahypasynda “Arkadag we Tendo şäherleriniň arasynda dogan şäherler gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere-de garaldy” – diýlip habar berilýär.

2019-njy ýylda, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş edara ediş merkezini gurmak baradaky karar çykarylandan gysga wagt soň, şol döwürde Mejlisiň parlamentara dostlugynyň türkmen-ýapon toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tendo şäherinde saparda boldy we ýapon şäheriniň häkimliginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Soňra ilkinji gezek türkmen we ýapon şäherleriniň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak teklip edildi.
ORIENT news








