Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan we Hindistan hindi daglarynda harby türgenleşik okuwlaryny geçirerler

Fewral 21, 2023 | 19:25 |4546
Özbegistanyň we Hindistanyň harby gullukçylary Hindistanyň Uttarakhand welaýatynyň daglarynda bilelikde “Dostluk” okuw türgenleşigini geçirerler – diýip, Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berýär.Özbegistanyň we Hindistanyň harby gullukçylary Hindistanyň Uttarakhand welaýatynyň daglarynda bilelikde “Dostluk” okuw türgenleşigini geçirerler – diýip, Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berýär.
Çeşme: podrobno.uz

Özbegistanyň we Hindistanyň harby gullukçylary Hindistanyň Uttarakhand welaýatynyň daglarynda bilelikde “Dostluk” okuw türgenleşigini geçirerler – diýip, Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berýär.

Goranmak ministrliginiň Telegram kanalynda çap eden habarynda "Özbegistandan 45 harby gullukçydan ybarat topar “Dostluk-2023” atly özbek-hindi harby okuw türgenleşigine gatnaşmak üçin Nýu-Delä geldi" – diýlip, bellenýär.

Ministrligiň berýän habaryna görä, türgenleşikler daglyk ýerler bilen häsiýetlendirilýän Uttarakhandyň Pithoragarh etrabynda ýerleşýän hindi harby bölümleriniň biriniň esasynda geçiriler. Bilelikdäki hereketler 5-nji marta çenli dowam eder.

Türgenleşikleriň ssenariýine görä, harbylar şertli terrorçy toparlaryň gözlegi we ýok edilmegi, şeýle hem dag päsgelçiliklerini ýeňip geçmek we daglyk we tokaý ýerlerde harby operasiýalary alyp barmak ýaly wezipeleri amala aşyrarlar.

Häzirki bilelikdäki türgenleşikler Özbegistanyň we Hindistanyň harbylary üçin soňky ýyllarda hasap boýunça dördünji bolar. Ilkinji gezek bu çäre 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Daşkent oblastyndaky türgenleşik meýdançasynda, soňra 2021-nji ýylyň mart aýynda - Hindistanyň Ranikhet welaýatynyň jeňňelinde, 2022-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanyň demirgazyk-günbataryndaky Horezm oblastynyň çölünde geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026