HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen tennisçileriniň dünýä çempionatynda gazanan taryhda ilkinji medallary

Fewral 20, 2023 | 20:30 |8920
Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary Şri-Lankada 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň Aziýa we Okeaniýa  sebiti boýunça açyk tapgyrynda (2023 World Junior Tennis Competition) bürünç medallara mynasyp boldy.Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary Şri-Lankada 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň Aziýa we Okeaniýa  sebiti boýunça açyk tapgyrynda (2023 World Junior Tennis Competition) bürünç medallara mynasyp boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy

Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary Şri-Lankada 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň Aziýa we Okeaniýa sebiti boýunça açyk tapgyrynda (2023 World Junior Tennis Competition) bürünç medallara mynasyp boldy.

Ýaryşyň ýarym finalynda Selim Çagylow bilen Imran Ahundowdan ybarat ýetginjekler ýygyndy topary Singapuryň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda ýeňildi. Şeýle-de bolsa, üçünji orun ugrunda çempionatyň ýer eýeleri bilen geçirilen duşuşykda türkmen topary ýeňiş gazandy (2:1).

1.jpg

Türkmenistanyň gyzlar ýygyndy topary hem edil şular ýaly netije gazandylar, ýagny Ilima Guseýnowa we Natalýa Martynowa Indoneziýanyň ýygyndy toparyndan 2:1 hasabynda utulyp, jemleýji (final) tapgyra çykmakdan mahrum boldular. Bürünç medal ugrundaky oýun malaýziýaly gyzlar bilen geçirilip, ol 2:1 hasabynda watandaşlarymyzyň peýdasyna tamamlandy.

Şri-Lankadaky çempionatda gazanylan bürünç medallaryň türkmen tennisi üçin taryhy netijedigini bellemelidiris.

2.jpg

Ýurdumyzyň oglanlar ýygyndy toparynyň kapitany Türkmenistanyň sport ussady, milli derejeli kazy Andreý Dowmatow, gyzlar toparyna Türkmenistanyň öňdebaryjy tennisçisi, at gazanan sport ussady Ýuriý Rogusskiý ýolbaşçylyk etdi. Şri-Lankada ýurdumyzyň wekiliýetine Igor Zubkow ýolbaşçylyk etdi.

Bütindünýä tennis ýaryşy 11-18-nji fewral aralygynda Kolombo şäherinde (Şri-Lanka) geçirildi. Bu tapgyra Bangladeş, Türkmenistan, Şri-Lanka, Indoneziýa, Singapur, Malaýziýa, Nepal, Kamboja, Mongoliýa, Yemen, Gyrgyzystan, Liwan, Makao, Saud Arabystany ýaly 15 ýurtdan iň gowy tennisçiler we Pacific Oceania topary gatnaşdy.

Artur PETROSYANTS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026