HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan Merkezi Aziýanyň söwda-senagat palatalary bilen gatnaşyklary ýola goýýar

Fewral 21, 2023 | 01:37 |7041
Pakistanyň Rawalpindi Söwda-senagat palatasynda (Penjap welaýatynyň şäheri we etraby) Aziýa eko-siwilizasiýalaryň barlagy we ösüşi instituty bilen hyzmatdaşlykda sebitleýin aragatnaşyk hyzmaty döredildi. Onuň maksady –  söwdany ösdürmek, Azerbaýjanda we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy: Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda Söwda-senagat palatalary derejesinde B2B işewürlik ulgamlaryny we aragatnaşyklary döretmek üçin maglumat bermekden ybarat.Pakistanyň Rawalpindi Söwda-senagat palatasynda (Penjap welaýatynyň şäheri we etraby) Aziýa eko-siwilizasiýalaryň barlagy we ösüşi instituty bilen hyzmatdaşlykda sebitleýin aragatnaşyk hyzmaty döredildi. Onuň maksady –  söwdany ösdürmek, Azerbaýjanda we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy: Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda Söwda-senagat palatalary derejesinde B2B işewürlik ulgamlaryny we aragatnaşyklary döretmek üçin maglumat bermekden ybarat.
Çeşme: islamabadpost.com

Pakistanyň Rawalpindi Söwda-senagat palatasynda (Penjap welaýatynyň şäheri we etraby) Aziýa eko-siwilizasiýalaryň barlagy we ösüşi instituty bilen hyzmatdaşlykda sebitleýin aragatnaşyk hyzmaty döredildi. Onuň maksady – söwdany ösdürmek, Azerbaýjanda we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy: Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda Söwda-senagat palatalary derejesinde B2B işewürlik ulgamlaryny we aragatnaşyklary döretmek üçin maglumat bermekden ybarat.

Täze desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi we diplomatik korpusyň wekili Atajan Möwlamow, Azerbaýjanyň ilçisi Hazar Farhadow, Gazagystanyň ilçisi Ýeržan Kistafin, Täjigistanyň ilçisi Ismatullo Nasredin we Kyrgyzystanyň ilçisi Ulanbek Totuýaýew, Özbegistanyň ilçisi Oýbek Usmanow, Rawalpindi palatasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Diplomatlar öz çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň we Azerbaýjanyň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri barada çykyş etdiler. Dürli pudaklarda söwda mümkinçiliklerini ösdürmek, şol sanda syýahatçylyk, ybadat ýerlere zyýarat etmek, energetika we derman senagaty ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Töleg kanallaryny we wiza bermek proseduralaryny ýönekeýleşdirmek, şeýle hem göni uçuşlary ýola goýmak zerurlygy nygtaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026