HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan gämiçiligi Baku-Türkmenbaşy-Baku gatnawunda ulag hyzmatlarynyň bahasyny peseldýär

Fewral 21, 2023 | 00:33 |6928
“Azerbaýjanyň Hazar Deňiz Gämiçiligi” (ASCO) ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça iki tarapa-da ulag hyzmatlarynyň bahasyny aşak düşürýändigini yglan etdi diýip, Azertag.az habar berýär.“Azerbaýjanyň Hazar Deňiz Gämiçiligi” (ASCO) ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça iki tarapa-da ulag hyzmatlarynyň bahasyny aşak düşürýändigini yglan etdi diýip, Azertag.az habar berýär.
Çeşme: azertag.az

“Azerbaýjanyň Hazar Deňiz Gämiçiligi” (ASCO) ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça iki tarapa-da ulag hyzmatlarynyň bahasyny aşak düşürýändigini yglan etdi diýip, Azertag.az habar berýär.

Bir tarapa (Baku-Türkmenbaşy ýa-da Türkmenbaşy-Baku) tirkegli adaty ýük awtoulagynyň (ulagyň uzynlygy 16,5 metr) birini daşamak üçin baha ozal 1072 ABŞ dollary bolanlygyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolar.

Sürüji iki tarapa-da petegi öňünden satyn alanda, ozal baha 1716 ABŞ dollary bolan bolsa, indi 1600 ABŞ dollary bolar.

Nyrh eger-de tehnika 16,5 metrden gowrak ýa-da azrak bolsa, tekerli tehnikanyň proporsional uzynlygyna görä hasaplanylýar.

Şeýle hem fewralyň başyndan bäri agzalan ugurda ýeňillikli nyrhlar boýunça ýeňil awtoulaglaryň daşalýanlygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda gämide ýeňil awotulagy daşamagyň bahasy 325 däl-de, 200 ABŞ dollaryna deňdir.

Bahalaryň aşak düşürilmegi Türkmenistana tarap ugurda Hazar boýunça awtoulaglary daşamak üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, agentligiň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026