Başgalara kömek etmek psihologiki ýagdaýy gowulaşdyrýar


Şunuň ýaly netijä «Ykdysadyýetiň ýokary mekdebiniň» Milli ylmy-barlag uniwersitetiniň Ronald Franklin Inglhart adyndaky deňeşdirme durmuşy barlaglary Laboratoriýasynyň ylmy işgäri Ýekaterina Natina geldi. Bu barada ylmy edaranyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Ýakyn adamlaryňa kömek etmek nätanyş adamlara kömek edeniňe garanda has köp şatlyk getirip biljekdigi hasaplanýar. Ýöne ylmy-barlagçy adamlaryň başgalara näçe ýygy-ýygydan kömek etdigiçe - hem ýakynlaryna, şeýle hem nätanyşlara - olaryň öz durmuşyndan has kanagatlanarlydygyny kesgitledi.
Şunda ýakynyňa kömegiň täsiri nätanyşa eden kömegiň täsirinden has aýdyňdyr. Ýöne mundaky tapawut gaty ujypsyzdyr. Eger-de kömek has ýygy-ýygydan berilýän bolsa, ylmy-barlaglaryň netijesinde durmuşdan hoşal bolmagyň derejesiniň peselmeginiň alamatlary ýüze çykarylmady.
Geçirilen ylmy-barlaga 20 ýaşdan 75 ýaşa çenli 757 adam gatnaşdy, olar töwerekdäkilere kömek etmek baradaky soraglara jogap berdiler we testi geçdiler, ýagny nakyk aýdylanda Eda Dineriň durmuşdan kanagatlylyk şkalasyny geçdiler.
Ylmy-barlag bu meselede ýaşyň täsirlidigini ýüze çykardy. 20-25 ýaşdaky ýaşlaryňky bilen deňeşdireniňde 51 ýaşdan uly adamlar üçin ýakyn töweregiňe kömek etnek az derejede subýektiw abadançylyk bilen bagly bolup durýar. Bu bolsa özüňi alyp barmakdaky altruizm şahsyýetiň ösüşiniň irki döwürlerinde, haçanda adam jemgyýetde öz ornuny tapmaga synanyşanda has köp kanagatlanma getirip biler.
Ylmy-barlagçynyň bellemegine görä, fiziki we psihologiki serişdeleriň çäklidigi sebäpli, uly ýaşdaky adamlar birnäçe durmuş orny birbada eýelejek bolup, duýgy dartgynlygyna we strese has köp duçar bolup bilerler.
ORIENT habarlar








