HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat şäher telefon torunyň saýtyndaky «Şahsy otag» hyzmaty nähili işleýär

Fewral 22, 2023 | 14:14 |31407
Aşgabat şäher telefon torunyň (AşGTS) resmi saýtynda my.agts.tv her bir müşderi üçin «Şahsy otag» hyzmaty elýeterlidir.Aşgabat şäher telefon torunyň (AşGTS) resmi saýtynda my.agts.tv her bir müşderi üçin «Şahsy otag» hyzmaty elýeterlidir.
Çeşme: androidinsider.ru

Aşgabat şäher telefon torunyň (AşGTS) resmi saýtynda my.agts.tv her bir müşderi üçin «Şahsy otag» hyzmaty elýeterlidir.

Bu hyzmat näme hödürleýär, ol nähili işleýär we onuň aýratynlyklary nämeler? Bulary has jikme-jik öwreneliň.

«Şahsy otag» bu ulanyjynyň öz şahsy sahypasydyr, saýtyň çägindäki ýa-da ykjam goşundynyň çägindäki onuň iş giňişligidir. AşGTS «Şahsy otagynyň» baş wezipesi – müşderiniň we guramanyň özara hereketini tizleşdirmek we ýönekeýleşdirmekdir. Şahsy profilde ähli maglumat - ulanyjy barada maglumat, onuň saýtdaky hereketleri, tölegleriň taryhy, faýllar we resminamalar ýerleşýär.

Bu opsiýany baglamak üçin öý telefonyndan «084» belgini aýlamaly we 4 belgili PIN kod almaly. Ol «Şahsy otaga» girmek üçin wirtual açar bolup durýar.

Soňra ulanyjy kompýuterden ýa-da smartfondan my.agts.tv internet platformasyna girmeli we degişli setire öý telefonynyň belgisini ýazmaly. Görkezilen meýdana alnan PIN kody girizmeli. Ynha, şahsy otaga giriş amala aşyryldy.

«Şahsy otagyň» kömegi bilen öýden çykmazdan telefon aragatnaşygy hyzmatlaryna, IP telewideniýesine, internet üçin töleg edip bolýar, bu hyzmatlary birikdirip bolýar, şeýle hem amallaryň taryhyny öwrenip bolýar.

Ulanyjy telefon aragatnaşygy bilen bagly goşmaça hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, hususan-da – «çagyryşa garaşmak» funksiýasyny, konferens aragatnaşygy baglap bolýar, halkara aragatnaşygyny düzüp bolýar we ş.m. Ulanyjylar «Şahsy otaga» diňe bir brauzer arkaly däl, eýsem ýörite ykjam goşundylar arkaly girip bilerler, Android üçin Android we iOS. Has jikme-jik maglumaty Aşgabat şäher telefon torunyň saýtyndan alyp bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026