Rus alymlary oda we suwa çydamly mata döretdiler


Sankt-Peterburgyň Senagat tehnologiýalary we dizaýn boýunça döwlet uniwersitetiniň alymlary reňkli materiallary oda, suwa we beýleki zeper ýetiriji faktorlara durnukly edýän matany işläp bejermegiň usulyny işläp düzdüler. Bu barada RF-nyň Ylym we ýokary bilim ministrligine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.
Işläp taýýarlamanyň esaslaryny meta-aramid süýümleri düzýär, olar 450º Selsiý gyzgynlyga çydap bilýärler, ýöne olary boýamak kyn. Russiýaly alymlar bu meseläni diňe bir çözmän, eýsem matanyň gyzgynlyk çägini giňeltdiler. Indi mata - Selsiýada 80º gradusdan +540º gradus çenli gyzgynlyga çydaýar.
«Akylly mata» ýörite egin-eşikleri öndürmek üçin, ýanmaýan mebel matalaryny we örtgülerini öndürmek, şeýle hem ulagyň içerki düzümini bezemek üçin ulanylar.
ORIENT habarlar








