HYYÖU we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdebi talyplary alyşmak babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Ýaponiýanyň halkara barlaglary boýunça Tokio uniwersitetiniň talyp alyş-çalşy we ylmy işläp düzmeler ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi türkmen-ýapon dialogyny täze derejä çykarar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory we THBU-ň prezidenti Kaýoko Haýaşi Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan “tegelek stoluň” barşynda şunuň ýaly netijä geldiler. Şeýle hem bu çärä paýtagtdaky ýapon ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar düzümi gatnaşdylar – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär.
Tokionyň ýokary okuw mekdebiniň rektory türkmen kärdeşiniň talyp alyşmak we dürli okuw maksatnamalarynyň we kurslarynyň gurnalmagy baradaky pikirini goldady.
Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara ýokary okuw mekdebiniň rektory Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça agentliginiň (JICA) ýokary bilim Toparynyň direktory bilen Arkadag şäherinde – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde bilim, sanly we innowasion taslamalaryň ulanylmagyny hem maslahatlaşdy.
Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek meseleleri babatda bolsa, bu ýerde JICA-nyň esasynda hünärmenleri taýýarlamak maksatnamasyny giňeltmegiň we tejribe alyşmagyň zerurdygy nygtaldy.
2017-2018-nji okuw ýylyndan başlap, HYYÖU-niň käbir talyplary alyş-çalyş boýunça Ýaponiýada okaýarlar.
ORIENT habarlar








