Türkmenistanyň kompaniýalaryny Gruziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyş bolmaga çagyrýarlar


Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Şypahanalary ösdürmek agentligi Aşgabatda ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşyny geçirer.
Şunuň bilen baglylykda, Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalaryny we agentliklerini, uçar kompaniýalaryny ýurduň syýahatçylyk pudagyndaky geljekdäki taslamalar we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga çagyrýar.
Çäre 1-nji martda «Ýyldyz» otelinde geçiriler. Başlanýan wagty sagat 11.00.
Gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli ilçihana ýüz tutmaly. Telefon: (+993 12) 34 76 16.
Elektron poçta: ashgabat.emb@mfa.gov.ge.
Gruziýada syýahatçylyk ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolmak bilen, ol döwletiň JIÖ-niň 7,3 % üpjün edýär.
Daglardan başlap Gara deňziň kenarlaryna çenli landşaftlaryň ajaýyp dürlüligi, floranyň we faunanyň biodürlüligi, ýakymly howa şertleri, mineral we bejergi suwlary, gadymy döwürlerden gaýdýan taryhy we medeni mirasy, folklor we ýerli halklaryň däp-dessurlary, milli tagamlaryň dürlüligi, çakyr ýasamaklyk we hojalygyň beýleki pudaklary — bularyň ählisi syýahatçylygyň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär.
«Gruziýada syýahatçylygy ösdürmegiň strategiýasy — 2025» ýurduň ykdysadyýetiniň bähbitleri üçin gymmatlyklaryň ýokarlandyrylmagyny we syýahatçylygyň ähmiýetli edilmegini göz öňünde tutýar.
ORIENT habarlar








