HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gyzyl Ýaymaý jemgyýeti Türkiýä ynsanperwerlik ýüküni ugratdy

Fewral 18, 2023 | 12:33 |5024
Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti ýer titremesinden ejir çeken Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugratdy – diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti ýer titremesinden ejir çeken Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugratdy – diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: tgymj.gov.tm, twitter.com / @togan_oral

Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti ýer titremesinden ejir çeken Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň täze tapgyryny ugratdy – diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär.

Ýyly egin-eşikleriň dürli görnüşleri we arassaçylyk serişdeleri bilen ýüklenen ýük awtoulagy betbagtçylykda ejir çeken çagalar we olaryň maşgala agzalary üçin ugradyldy – diýlip, habarda aýdylýar.

Şunuň bilen bir wagtda, Turkish Airlines kompaniýasynyň uçary arkaly Türkmenistanyň raýatlary we ýurtdaky türk kompaniýalarynyň işgärleri tarapyndan haýyr-sahawat üçin berlen ýene-de müň sany ýyly ýorgan Türkiýäniň ejir çeken etraplaryna eltiler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Twitterde habar berdi.

Türkmenistan eýýäm ynsanperwerlik ýüküniň birnäçe tapgyryny Türkiýäniň ejir çeken welaýatlaryna, şol sanda, lukmançylyk serişdelerini , çagalar üçin egin-eşikleri, ýyly ýorganlary we elektrik generatorlaryny ugratdy.

Türkiýedäki ýer titremesiniň pidalarynyň sany 39,6 müň adamdan geçdi – diýip, anna güni ýurduň IIM-niň baştutany Suleýman Soýlu CNN Türk teleýaýlymynda eden çykyşynda habar berdi. Stambulyň hassahanalarynda 1,3 müňden gowrak ejir çeken adam bejergi alýar, 7 müňden gowrak adam hassahanadan çykaryldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026