HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-niň Komissiýasynyň täze rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi

Fewral 18, 2023 | 12:26 |5646
Türkmenistan BMG-niň Komissiýasynyň durmuş ösüşi boýunça «Ýaşlaryň gatnaşmagyndaky syýasatlar we maksatnamalar» rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi – diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistan BMG-niň Komissiýasynyň durmuş ösüşi boýunça «Ýaşlaryň gatnaşmagyndaky syýasatlar we maksatnamalar» rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi – diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: calendata.ru

Türkmenistan BMG-niň Komissiýasynyň durmuş ösüşi boýunça «Ýaşlaryň gatnaşmagyndaky syýasatlar we maksatnamalar» rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi – diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Resminama Komissiýanyň 61-nji sessiýasynda kabul edildi. Rezolýusiýada ýaşlaryň durnukly ösüşdäki milli, sebitleýin we dünýä derejesindäki orny nygtalýar.

Mejlisiň barşynda 2030 — Gün tertibinde berkidilen sosial gönükdirilen maksatlary öňe sürmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen beýleki rezolýusiýalaryň we kararlaryň birnäçesine seredildi.

Türkmenistan durmuş ösüşi boýunça BMG-niň Komissiýasynyň agzasy hökmünde mejlisde ynsan mümkinçiligine maýa goýmak – saglygy goraýyşa we bilime, durmuş taýdan goraglylyk çärelerini güýçlendirmek, bütindünýä azyk ulgamynyň gowulandyrylmagy boýunça bilelikdäki tagallalar ugrunda çykyş etdi.

Bu ýyl BMG-niň Komissiýasynyň durmuş ösüşi boýunça sessiýasy «COVID-19 pandemiýasyndan soňra gaýtadan dikeldilmegi tizleşdirmek üçin we durnukly ösüş babatynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini doly ýerine ýetirmek üçin deňsizligi ýeňip geçmegiň usuly hökmünde doly we önümçilik meşgullanmagyny we hemmeler üçin gowy iş döretmek» şygary astynda geçirildi.

Durmuş ösüşi boýunça Komissiýa BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň edarasydyr. Oňa BMG-niň agza döwletleriniň 46-sy girýär. Komissiýanyň wezipelerine ösüşe ýardam etmek, ýurt we halkara derejesinde sosial syýasat babatynda halkara ölçegleriniň ornaşdyrylmagynyň monitoringi girýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026