HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen meýletinçileri Merkezi Aziýadan bolan pikirdeşleri bilen tejribe alyşdylar

Fewral 21, 2023 | 15:57 |5594
Türkmenistanly meýletinçileriň 30-sy meýletinçileriň onlaýn-forumyna gatnaşdylar – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanly meýletinçileriň 30-sy meýletinçileriň onlaýn-forumyna gatnaşdylar – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: turkmenistan.un.org

Türkmenistanly meýletinçileriň 30-sy meýletinçileriň onlaýn-forumyna gatnaşdylar – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Gatnaşyjylar meýletinçileriň jemgyýetdäki eýeleýän ornuny, olaryň işjeňliginiň aýratynlyklaryny, şeýle hem meýletinçiniň eýe bolmaly häsiýetlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öz gezeginde, Özbegistandan we Gazagystandan gelen aktiwistler öz ýurtlaryndaky meýletinçilik hereketiniň ösüşi bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň döwletleriniň meýletinçiler guramalarynyň arasynda meýletinçilik babatynda täze bilimleri almak we başarnyklary edinmek üçin özara gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy bellenip geçildi.

Forum raýat-watan söýüjilik terbiýesiniň netijeli guraly hökmünde meýletinçilik hereketiniň ösmegine, jemgyýetde meýletinçilik tejribesiniň usulyýetlerini öňe sürmäge we meýletinçilik tejribesini wagyz-nesihat etmäge gönükdirilen «Meýletinleriň akademiýasy» taslamasynyň başlangyç çäresi boldy. Ol jemgyýetdäki durmuş meselelerini çözmekde oňyn netijeleri gazanmak maksady bilen, muny pikirdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançany üpjün etdi.

«Meýletinleriň akademiýasy» «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak arkaly ýaşlaryň mümkinçiligini pugtalandyrmak» atly taslamanyň çäklerinde ýerine ýetirilýär. Ol Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Ýewraziýa Gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada sosial innowasiýalar maksatnamasynyň (SICA) çäklerinde ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça Agentliginiň maliýe taýdan goldamagy bilen durmuşa geçirilýär.

Taslamanyň ahyryna çenli 100-den gowrak ýaş adamlaryň meýletinçilik işjeňligi bilen tanyşmagyna, 50-den gowrak ýaş adamlaryň meýletinçileriň hataryna goşulmaklaryna we jemgyýetçilik durmuşynda işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026