HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Fewral 17, 2023 | 17:50 |7972
Penşenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew we Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (rezidensiýasy Moskwada) Greým Mihan Lesli türkmen-awstraliýa ykdysady hyzmatdaşlygyny we onuň ösdürilmegi üçin halkara hukuk resminamalarynyň işlenip düzülmegini maslahatlaşdylar.Penşenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew we Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (rezidensiýasy Moskwada) Greým Mihan Lesli türkmen-awstraliýa ykdysady hyzmatdaşlygyny we onuň ösdürilmegi üçin halkara hukuk resminamalarynyň işlenip düzülmegini maslahatlaşdylar.
Çeşme: maliýe we ykdysadyýet Ministrligi tarapyndan berildi

Penşenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew we Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (rezidensiýasy Moskwada) Greým Mihan Lesli türkmen-awstraliýa ykdysady hyzmatdaşlygyny we onuň ösdürilmegi üçin halkara hukuk resminamalarynyň işlenip düzülmegini maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda maliýe, energetika, ylym, syýahatçylyk, bilim, balykçylyk we gaýtadan işleýän senagat ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilmegine ykdysadyýetdäki birmeňzeş bähbitler we hatda howa şertleri hem ýardam edip biler diýlip, duşuşygyň barşynda bellenildi.

Taraplar şeýle hem degişli ikitaraplaýyn ylalaşyklary taýýarlamak we gol çekmek arkaly maýa goýum we işewürlik gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026