Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.
Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamynyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.








