HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

22-nji fewralda Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde elektron nobaty giriziler

Fewral 16, 2023 | 22:38 |9783
Fewralyň ahyryna çenli Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen döwlet serhetlerindäki geçiriş nokatlarynda elektron nobaty giriziler. Olaryň hatarynda – 22-nji fewraldan “Temir-baba” we 27-nji fewraldan – “Tažen” geçiriş nokatlary bar. Geçiriş nokatlaryň ikisi-de Mangistau oblastynda ýerleşýär. Birinjisi – Türkmenistan bilen, ikinjisi – Özbegistan bilen serhetdedir. Bu barada GR-niň Döwlet girdejiler komitetiniň metbugat-gullugyna salgylanyp, “Kazinform” habar berýär.Fewralyň ahyryna çenli Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen döwlet serhetlerindäki geçiriş nokatlarynda elektron nobaty giriziler. Olaryň hatarynda – 22-nji fewraldan “Temir-baba” we 27-nji fewraldan – “Tažen” geçiriş nokatlary bar. Geçiriş nokatlaryň ikisi-de Mangistau oblastynda ýerleşýär. Birinjisi – Türkmenistan bilen, ikinjisi – Özbegistan bilen serhetdedir. Bu barada GR-niň Döwlet girdejiler komitetiniň metbugat-gullugyna salgylanyp, “Kazinform” habar berýär.
Çeşme: kapital.kz

Fewralyň ahyryna çenli Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen döwlet serhetlerindäki geçiriş nokatlarynda elektron nobaty giriziler. Olaryň hatarynda – 22-nji fewraldan “Temir-baba” we 27-nji fewraldan – “Tažen” geçiriş nokatlary bar. Geçiriş nokatlaryň ikisi-de Mangistau oblastynda ýerleşýär. Birinjisi – Türkmenistan bilen, ikinjisi – Özbegistan bilen serhetdedir. Bu barada GR-niň Döwlet girdejiler komitetiniň metbugat-gullugyna salgylanyp, “Kazinform” habar berýär.

2022-nji ýylyň 23-nji noýabryndan gazak-hytaý serhediniň birnäçe geçiriş nokatlarynda elektron nobaty -- «CarGoRuqsat» hyzmaty ornaşdyryldy. Hyzmat Qoldau.kz sanly platformada işe girizildi we ol ulanyjylar üçin mugtdyr.

Elektron nobat ulgamy gazagystanly işläp düzüjiler tarapyndan döredildi we hyzmat edilýär. Ulgamda 7,5 müňe golaý ulanyjylar bellige alnyp, olar tarapyndan öňünden nobat bellemek üçin amallaryň 84 müňüsi ýerine ýetirildi.

Işläp düzüjileriň habar bermegine görä, hyzmat yzygiderli özgerdilip gowulandyrylýar. Tiz wagtdan şahsyýetiň Face ID arkaly barlanylmagy bilen onuň üsti ýetiriler, şeýle hem daşary ýurtly raýatlar üçin şahsyýetiň bank karty arkaly tassyklanylmagy işläp başlar.

«CarGoRuqsat» elektron nobaty ulgamynyň hyzmatynyň wezipesi ýük daşaýjylaryň nobaty öňünden belläp bilmeklerini we bu nobatyň aç-açan bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, daşaýjylaryň nobaty öňünden belleýän wagtlarynda, format-logistik gözegçiligini geçýändikleriniň hasabyna ýükli ulaglaryň serhetden geçmegini tizleşdirer. Ulgam ýüz tutanyň salgytlar boýunça, tölegli ýollardan sürlendigi üçin bergileriniň bardygyny-ýokdugyny barlaýar, tirkeginiň bellige alnandygyny we beýlekileri barlaýar. Hyzmatyň ikinji wezipesi – serhetde nobat bilen baglanyşykly bikanun pirimleriň töwekgelçiliklerini azaltmakdan ybaratdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026