ÝUNESKO-nyň Baş direktory: sanly bilim baryp okalýan okuwyň ýerini hiç wagt tutmaz


BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) Baş direktory Odri Azule sanly bilimiň hiç wagt baryp okalýan okuwyň ýerini tutmajakdygyny beýan etdi – diýip, Hytaýda geçirilen sanly transformasiýalar boýunça Halkara maslahatynyň netijeleri boýunça TV BRICS habar beýär.
Maslahaty kabul edýän hytaý tarapy oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudy azaltmakda, şeýle hem bilim bermeklige deň elýeterliligi üpjün etmekde “sanlaryň” möhüm orny barada nygtady.
Öz gezeginde, ÝUNESKO-nyň baştutany sanly okatmagyň öz artykmaçlyklarynyň bardygyny, ýöne bilim almagyň şeýle görnüşiniň ýörite gönükdirilen bolmalydygyny belledi.
100 ýurtdan 800-den gowrak gatnaşyjy hünär biliminiň we intellektual bilim beriji maksatnamalaryň ýagdaýyny, sanly serişdeleri we olaryň mugallymlar we okuwçylar üçin elýeterliligini gözden geçirdiler. Şeýle hem sanly bilimi ösdürmegiň birleşmesini döretmek boýunça bütindünýä hyzmatdaşlygy döretmek başlangyjy teklip edildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri we HHR-daky Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
ORIENT habarlar








