HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Meta Facebook и Instagram üçin tölegli werifikasiýa etmäge başlaýar

Fewral 20, 2023 | 14:55 |5589
Meta kompaniýasynyň baştutany Mark Sukerberg täze hyzmata başdalga berilýändigini — Facebook и Instagram sosial torlaryndan peýdalanyjylar üçin Meta Verified tarapyndan tölegli werifikasiýa etmäge girişilýändigini yglan etdi – diýip, BBC habar berýär.Meta kompaniýasynyň baştutany Mark Sukerberg täze hyzmata başdalga berilýändigini — Facebook и Instagram sosial torlaryndan peýdalanyjylar üçin Meta Verified tarapyndan tölegli werifikasiýa etmäge girişilýändigini yglan etdi – diýip, BBC habar berýär.
Çeşme: nypost.com

Meta kompaniýasynyň baştutany Mark Sukerberg täze hyzmata başdalga berilýändigini — Facebook и Instagram sosial torlaryndan peýdalanyjylar üçin Meta Verified tarapyndan tölegli werifikasiýa etmäge girişilýändigini yglan etdi – diýip, BBC habar berýär.

Hyzmat döwüp girmekden goşmaça goraglylygy üpjün etmek üçin ulanyjynyň adynyň gapdalyna gök belligi almaga mümkinçilik berýär, şeýle hem müşderilere goldaw bermek gullugyna göni elýeterliligi üpjün edýär.

«Bu funksiýa biziň hyzmatlarymyzyň hakykylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir», — diýip, Sukerberg belledi, ilkibaşda ol Awstraliýada we Täze Zelandiýada synag edilip görler, soňlugy bilen beýleki ýurtlary hem gurşap alar – diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Werifikasiýa alnandan soňra ulanyjy hasabyň adyny, öz adyny, doglan ýylyny ýa-da suratyny gaýtadan barlag geçirmezden üýtgedip bilmeýär.

18 ýaşdan uly bolan şahslar hyzmaty almak üçin hasapdaky maglumat bilen gabat gelýän resmi şahsyýetini tassyklaýan resminama görkezmelidirler.

Kompaniýada habar bermeklerine görä, täze hyzmata girişilmegi öň werifikasiýa edilen we korporatiw hasaplara täsir etmeýär.

Tölegli werifikasiýa Twitteriň eýesi Ilon Mask 2022-nji ýylyň noýabrynda şuňa meňzeş ulgamy girizenden soňra girizilýär. Ýöne täzeçillik ulanyjylarda ters seslenme tapdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026