Parižiň meri Olimpiadanyň açylyş dabarasynda tomaşaçylaryň sanyny çäklendirmekden ýüz dönderdi


Parižiň meri An Idalgo 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň Pariždäki açylyş dabarasyndaky tomaşaçylaryň sanyny çäklendirmekden ýüz dönderdi. Dabarany Sena derýasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Başlangyç hasaplamalara görä, Olimpiadanyň açylyş dabarasynda tomaşaçylaryň sany 600 müň adamdan geçip biler, 100 müň adam biletli orunlarda oturarlar, ýene 500 müň adam derýanyň kenarynda gurnaljak belent duralgalarda ýerleşerler. Derýa gämileriniň paradynda dünýäniň 200 ýurdundan 10500 türgen gatnaşyp biler.
Idalgonyň sözlerine görä, şäheriň meriýasy Fransiýanyň Içeri işler ministri Žerald Darmanen bilen we 2024-nji ýylyň Pariž Olimpiadasyny geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiň başlygy bilen halkara sport çäresiniň açylyş we ýapylyş dabarasyny üstünlikli geçirmek boýunça ýakyndan işleşýär.
«Bu owadan, adaty däl we gämilerde ýüzjek türgenler üçin, şeýle hem ähli tomaşaçylar üçin howpsuz bolmalydyr. Işiň akylly ýerine ýetirilmegi we her bir adama hormat goýulmagy möhümdir» – diýip, şäheriň meri aýtdy. Pariž—2024 Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda açylmaly.
ORIENT habarlar








