HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Haýyr-sahawat ýygnamasy boýunça «Türkiýe – bir ýürek» çäresine badalga berildi

Fewral 16, 2023 | 16:36 |4426
Türkiýäniň öňdebaryjy telewizion we radioýaýlymlarynyň göni ýaýlymynda we goňşy döwletleriň birnäçesinde «Türkiýe – bir ýürek» şygary bilen çäre geçirilýär – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.Türkiýäniň öňdebaryjy telewizion we radioýaýlymlarynyň göni ýaýlymynda we goňşy döwletleriň birnäçesinde «Türkiýe – bir ýürek» şygary bilen çäre geçirilýär – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýäniň öňdebaryjy telewizion we radioýaýlymlarynyň göni ýaýlymynda we goňşy döwletleriň birnäçesinde «Türkiýe – bir ýürek» şygary bilen çäre geçirilýär – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Türkiýäniň 11 welaýatyna täsir eden ýer titremede ejir çekenlere kömek bermek boýunça haýyr-sahawat aksiýasyny dünýäniň dürli ýurtlaryndan 213 telewizion we 562 radioýaýlymlar goldadylar.

Türkiýäniň wagty bilen 03:10 çenli kampaniýanyň barşynda ýygnalan haýyr-sahawatyň möçberi 115,1 mlrd lira (6 mlrd 106 mln ABŞ-nyň dollaryna) deň boldy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan telefon arkaly göni ýaýlymyň studiýasyna baglandy. Weýrançylykly ýer titremede heläk bolanlaryň hossarlaryna we ýakynlaryna gynanç bildirip, döwlet baştutany kampaniýanyň barşynda toplanan her bir lira ýer titremede ejir çekenleriň mätäçlikleri üçin ulanylar – diýip, belledi.

Türk halkyna goldaw hökmünde göni ýaýlyma bütin Türkiýeden syýasatçylar, işewürler we artistler, şeýle hem türk hem-de daşary ýurt sport jemgyýetçiliginiň meşhur wekilleri çykýarlar.

Olaryň arasynda – BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş, Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama, Türkiýäniň Beýik milli mejlisiniň başlygy Mustapa Şentop we başgalar bar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026