Türkmen işewürlerine Pakistandaky azyk önümleriniň we oba hojalygynyň sergisinde garaşýarlar


Türkmen işewürliginiň wekillerini Karaçi şäherinde (Pakistan) 4-nji maýdan 6-njy maýa çenli aralykda geçiriljek azyk önümleriniň we oba hojalygynyň halkara sergisi FoodAg-2023 gatnaşmaga çagyrýarlar.
Gatnaşmaga gyzyklanýan kompaniýalar Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp ýüz tutup bilerler (+993 12) 48-21-28.
FoodAg — bu Pakistanda geçiriljek ýurduň oba hojalyk we azyk senagatynyň mümkinçiliklerini görkezýän azyk önümleriniň we oba hojalygyň ilkinji halkara sergisidir. Bu ululygy boýunça Pakistandaky ikinji pudakdyr, önümçiliiň 27% onuň paýyna düşýär.
Oňa baryp görýänler azyk önümleriniň giň görnüşleri we Pakistanyň ýerli bazarynyň ýörite önümleri bilen tanşyp bilerler. Görkeziliş şeýle hem önüm öndürijilere, satyn alyjylara, eksport edijilere özüni görkezmäge, täze gatnaşyklary ýola goýmaga we beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik bolar.
Sergä dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan wekilleriň gelmegine garaşylýar. Sergi barada jikme-jik maglumatlary şu saýtdan bilip bolýar agro.tdap.gov.pk.
ORIENT habarlar








