«Türkmenaragatnaşyk» agentligi zenanlar bäsleşigini geçirdi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa Agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» Agentligi bu edara tarapyndan dolandyrylýan guramalarda we paýdarlar jemgyýetlerinde işleýän zenanlaryň arasynda bäsleşik geçirdi.
«Hünärim bar – hormatym bar» diýlip atlandyrylýan bäsleşigiň gatnaşyjylary birnäçe ugurlar boýunça bäsleşdiler: özüňi tanyşdyrmak, el işleriniň edilişini görkezmek, milli tagamlary taýýarlamak, öz wezipe borçlaryň barada gürrüň bermek we ýörite sahnanyň üsti bilen tejribeden ýatda galan pursatlary gürrüň bermek. Zenanlar şeýle hem çaý demlemek başarnygyny görkezdiler.
Bäsleşigiň ýeňijleri hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýakyn wagtda olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa Agentliginiň beýleki edaralarynyň bäsleşige gatnaşan işgärleri – «Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri bilen öňdelik ugrunda bäsleşerler.
ORIENT habarlar








