Moskwada GDA-nyň sebitleriniň Forumyny gurnamagyň we geçirmegiň Konsepsiýasynyň taslamasyna seretdiler


GDA-nyň sebitleriniň Forumyny gurnamagyň we geçirmegiň Konsepsiýasynyň taslamasy ykdysady meseleler boýunça komissiýanyň Moskwada bolan nobatdaky mejlisinde seredildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Resminama GDA gatnaşýan - agza döwletleriň sebitara we serhetara hyzmatdaşlygy Geňeşi tarapyndan Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde taýýarlanyldy. Ol forumyň işini guramagyň esasy maksatlaryny, wezipelerini we ýörelgelerini, onuň guramaçylyk gurluşyny we maliýeleşdirilmegini kesgitleýär.
Çäre Arkalaşyga gatnaşýan agza döwletleriň ykdysady mümkinçiligini birleşdirip, gyzyklanýan sebitleriň arasynda hemmetaraplaýyn özara täsiriň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine, sebitleýin we serhetýaka gatnaşyklaryň täze ulgamynyň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir.
ORIENT habarlar








