HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Owerçuk ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Meredow we Geldimyradow bilen duşuşyk geçirdi.

Fewral 18, 2023 | 01:55 |10145
Duşuşykda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýänugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler hem-de hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň umumy gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşyk etmek meselelerine üns berildi.Duşuşykda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýänugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler hem-de hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň umumy gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşyk etmek meselelerine üns berildi.
Çeşme: Watan

Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Owerçuk ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Meredow we Geldimyradow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýänugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işlere oňyn baha berdiler hem-de hakyky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine daýanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine iki ýurduň umumy gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşyk etmek meselelerine üns berildi.

Şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary ýurt işewürleri üçin has oňaýly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazaryna gatnaşmaklaryny giňeltmäge Russiýanyň işewür toparlarynyň örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, myhman rus işewürliginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş babatdaky uly taslamalaryna mundan beýläk-de has işjeň gatnaşmaga hem-de türkmen hyzmatdaşlary bilen iň oňat öňdebaryjy tejribäni we täze tehnologik işläp taýýarlamalary paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Şonuň ýaly-da, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn depgine eýedigi barada durlup geçilip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýandygy hem-de rus kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleriniň giň gerimlidigi nygtaldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026