Türkmenistanyň ÝOM-niň ikisinde ÝUNESKO kafedrasy açylar


Penşenbe güni Aşgabatda gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäginde Türkmenistanyň ÝOM-niň ikisinde ÝUNESKO kafedrasy açylar. Resminamalara gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi – diýlip, ministrligiň internet saýtynda çap edilen duşuşygyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Häzirki wagtda ÝUNESKO UNITWIN kafedralar ulgamy 117 ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň şular ýaly kafedralaryny birleşdirýär we olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem halkara derejesinde milli tejribesi bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Duşuşyga Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň wekilleri, şeýle hem türkmen diplomatlary we ýurduň ÝOM-niň rektorlary gatnaşdylar.
Gol çekilen resminamalara görä, ÝUNESKO-nyň kafedralary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda peýda bolar. TDU-da bu kafedra "Medeni miras: geçmişden geljege", TDMI-de bolsa "Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi" diýlip atlandyrylar.
Geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ÝUNESKO-nyň "Dünýä medeniýeti" klubynyň açylandygyny bellemek gerek. Ondan ozal D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň "Dünýä dilleri" atly ilkinji kluby peýda boldy.
ORIENT news








